Coca-Cola plastigi gaýtadan işlemek meýilnamasyna täzeden seredýär: ol 50%-den 35%-e geçdi

  • 09.12.2024 23:47
  • 8k+

Öňdebaryjy içgi öndürijisi we plastik zibilleriniň iň uly çeşmeleriniň biri Coca-Cola gaýtadan işlenen materiallary ulanmak boýunça “meýletin ekologiýa maksatlaryna” gaýtadan seretdi. Öň, kompaniýa 2030-njy ýyla çenli öz önümleriniň gaplamalarynda 50% gaýtadan işlenen materialyň ulanylmagyny gazanmaga wada berdi. Häzir bolsa meýilnamalar 2035-nji ýyla çenli bu görkezijiniň 35-40% bolmagyny göz öňünde tutýar.

Ekologlar bu çözgüdi tankytlap, ony daşky gurşawyň plastik bilen hapalanmagyna garşy göreşde bir ädim yza gaýtmak diýip atlandyrýarlar diýip, CNN habar berýär.
Kompaniýanyň wekilleri bu çözgüdi ýüze çykarylan näsazlyklara we toplanan tejribelere uýgunlaşmagyň zerurlygy bilen düşündirdiler. Şeýle-de bolsa, hünärmenleriň pikiriçe, bu hereket Coca-Cola-nyň plastik hapalanmalaryna garşy göreşmäge ukyply däldigini görkezýär.
Belläp geçsek, 2023-nji ýylda Break Free from Plastic ekologik guramasy yzygider altynjy ýyl Coca-Cola-ny iň uly plastik hapalaýjysy hökmünde ykrar etdi. 40 ýurtda ýygnalan 537 müň birlik zibiliň 33 müňüsi hut şu kompaniýa degişlidir.
Maksadyndan yza gaýtmagy kompaniýanyň öz ekologik borçlaryny ýerine ýetirmäge taýýardygyna şübhe döredýär. Bilermenler şeýle ädimleriň daşky gurşawy goramak boýunça global tagallalara ýaramaz täsir edip biljekdigini duýdurýar.


21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.6k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......

12.05.2026 14:49
4.3k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

08.05.2026 15:01
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlar eko-kwesti geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» kluby hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guralan «Ekologiýa......