Xiaomi SU7 Ultra 1545 at güýji bilen iň tiz tapgyrlaýyn elektrokar bolar

  • 09.12.2024 23:54
  • 4.9k+

Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň maglumatlar bazasynda Xiaomi SU7 Ultra modeliniň ilkinji janly suratlary we giňişleýin maglumatlar peýda boldy. Beýana görä, model dört gapyly iň tiz tapgyrlaýyn awtomobil adyna dalaş edýär diýip, Carnewschina habar berýär.

Elektromobil 630 km çenli menzili üpjün edýän 93,7 kWt/sag sygymly CATL Qilin 2.0 akkumulýatory bilen enjamlaşdyryldy. Şol bir wagtyň özünde, alyjylara dört görnüş hödürlener – beýleki üç görnüşde bir zarýadda geçilýän menzil 520 km, 555 km we 600 km bolar.
SU7 Ultra-nyň esasy kuwwaty üç elektrik hereketlendirijisiniň kömegi bilen gazanylýar: öňdäki okda bir V6 (391 at güýji) we yzky okda iki V8 (her biri 577 at güýji). Bu awtoulaga jemi 1545 at güýjüni berýär. Tizligi 100 km/sag çenli artdyrmak 1,98 sekunt wagt alýar, iň ýokary tizlik bolsa sagatda 350 km-den geçýär.
SU7 Ultra-nyň 100 km/sag tizlikden tormoz aralygy 30,8 metrdir.  
Modeliň aýratynlyklarynyň arasynda alty porşenli Akebono supportlary bilen keramiki tormozlar, Nvidia Orin X çiplerinde işleýän intellektual dolandyryş ulgamy Xiaomi Pilot bar. Maglumat ekrany ulanyjy interfeýsiniň eksklýuziw dizaýnyny hödürleýär we Xiaomi HyperOS ulgamynyň ulanylmagy bilen, Qualcomm Snapdragon 8295 çibinde işleýär.
Çalt zarýad beriş 11 minutda batareýanyň 80%-ini doldurmaga mümkinçilik berýär.
SU7 Ultra elektromobiliniň deslapky satuwy 112 200 dollar baha bilen eýýäm başlady, onuň bazara çykmagy 2025-nji ýylyň mart aýyna meýilleşdirilýär.


düýn 18:36
3.1k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......