Iň çalt ykjam internet nirede? Öňdebaryjy ýurtlaryň sanawy

  • 09.12.2024 16:59
  • 13k+

Soňky bäş ýylda ykjam internetden peýdalanýan ulanyjylaryň sany 1,5 milliard artdy. Şeýle-de bolsa, trafigiň tizligi we göwrümi sebitleriň arasynda ep-esli üýtgeýär.

Bütindünýä bankynyň maglumatyna görä, iň çalt ykjam interneti bolan ýurtlaryň sanawynda öňdäki orunlary Ýakyn Gündogar we Aziýa ýurtlary eýeleýär.
Sanawyň başyny ortaça 179,6 Mbit / s tizlik bilen Birleşen Arap Emirlikleri çekýär. Goňşy Katar döwleti 160,3 Mbit / s tizlik bilen ikinji, Günorta Koreýa 138,5 Mbit / s tizlik bilen üçünji orny eýeleýär.
Bilermenler bu ýurtlaryň üstünliklerini sanly infrastrukturanyň işjeň ösendigi we 5G torlarynyň giňden ornaşdyrylandygy bilen baglanyşdyrýarlar. Şol bir wagtyň özünde, BAE eýýäm bar bolan telekommunikasiýa ulgamlarynyň 6G standartyna geçmek mümkinçiligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görýär.
Telekommunikasiýa we sanly ulgama gözegçilik edarasynyň (TDRA) baş müdiri Majed Al Mesmar: "Täze zolaklaryň (tizlikleriň) ulanylmagy hemişe öňdebaryjy bolup gelýän BAE-niň geljekde öňdebaryjy ornuny saklamak üçin zerur hil böküşini üpjün eder" – diýip belledi.

"6G standartynyň tehnologiýalary tehnologiki paradigma çalşygyny görkezýär, sebäbi olar ýyldyrym çaltlygyndaky terabit derejeli maglumat geçiriş tizligini, ýarym millisekunt jogap wagtyny üpjün edip, emeli aňyň kömegi bilen Internet-sýörfingiň hilini gowulandyrýar" - diýip TDRA-nyň başlygy sözüniň üstüni ýetirdi.

Ykjam internetde göçürip almagyň ortaça tizligi boýunça iň gowy 10 ýurt (Mbit / s):

  1. BAE - 179,6
  2. Katar – 160,3
  3. Günorta Koreýa – 138,5
  4. Norwegiýa – 131,2
  5. Daniýa – 123,7
  6. Kuweýt – 119,8
  7. Hytaý – 116,7
  8. Niderlandlar – 114,3
  9. Saud Arabystany – 101,9
  10. Bolgariýa - 97,6

şu gün 11:47
1.3k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....