Gukeş küşt täji ugrunda Din Ližen bilen oýnuň 11-nji döwünde öňe çykdy

  • 09.12.2024 15:07
  • 3.5k+

8-nji dekabrda Singapurda küşt boýunça dünýä çempiony ady ugrunda ýaryşyň 11-nji oýny oýnaldy. Bu gezek häzirki çempion, hytaýly grossmeýster Din Ližen Hindistandan dalaşgär Gukeş Dommarajudan utuldy. Döw 29-njy göçümde, Din Ližen seýtnotda ýalňyşlyk goýberenden soň tamamlandy.

Seýtnot - bu göçümleri oýlamak üçin wagt ýetmezçiligini aňladýar. Bu adalga küşt ýaryşlarynda wagt tutulyp başlanandan soň girizildi. Gukeş bilen Diniň şu gezekki oýnunyň ortasynda garşydaşlaryň ikisi-de wagtyny doly gutaraňkyrlady diýen ýaly. Tagtanyň üstündäki emele gelen çylşyrymly ýagdaýda Din malyny ýitirip, boýun egdi.
Şeýlelikde, dowamly deňme-deň netijeden soň 18 ýaşly hindistanly küştçi ahyrsoňy öňe çykdy. Umumy hasap Gukeşiň peýdasyna 6:5 boldy.
Oýunda üç döw galdy, utuklar deň bolan ýagdaýynda taý-breýk geçiriler.
12-nji döw şu gün, 9-njy dekabrda bolar.
Dommaraju ýeňiş gazanan halatynda taryhda küşt täjiniň iň ýaş eýesi bolar. 
Titul oýnunyň baýrak gaznasy 2,5 mln dollara barabar.

düýn 23:49
1.7k+

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
2.7k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.5k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......