Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-da ýokary okuw mekdeplerini dolandyrmak tejribesini öwrenýärler

  • 09.12.2024 07:17
  • 5.9k+

Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-da «Ýokary okuw mekdeplerini dolandyrmak: hyzmatdaşlyk we täjirçilik» atly okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar. Munuň üçin wekiliýet 2-20-nji dekabr aralygynda ABŞ-da iş saparynda bolýar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Okuw maksatnamasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň International Visitor Leadership Program (IVLP) maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.
Çärä Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Maksatnama Waşingtondaky halkara bilim institutynyň binasynda badalga berlip, şol ýerde çärä gatnaşyjylaryň ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hünärmeni Çikita Jekson, halkara bilim institutynyň maksatnamasynyň ýolbaşçysy Kris Hill we maksatnamanyň utgaşdyryjysy Siýerro De Palmo bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda diňleýjiler okuw maksatnamanyň mazmuny bilen giňişleýin tanyşdyryldy, gatnaşyjylaryň islegleri göz öňünde tutulyp, çäreleriň maksatnamasyna üýtgetmeleri girizmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem olara has jikme-jik tanyşmak maksady bilen çykyş etmek üçin mümkinçilik döredildi. Türkmen wekiliýetiniň agzalary wekilçilik edýän edaralarynyň alyp barýan iş ugurlary hem-de geljek üçin öňde goýlan wezipeler barada amerikan tarapyna giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda ABŞ-nyň döwlet gurluşyna çuňňur düşünmek üçin Amerikan uniwersitetiniň professory Diana Lowental federalizm temasy boýunça brifing geçirdi. Onda ABŞ-nyň döwlet dolandyryş ulgamy, hususan-da, federal hökümet (merkezi hökümet) bilen aýratynlykdaky ştatlaryň arasynda häkimiýetiň bölünilişi barada giňişleýin gürrüň berildi.
IVLP maksatnamasy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hünärli işgärleri alyşmakdaky esasy maksatnamadyr. Birleşen Ştatlara gysga möhletli saparlaryň netijesinde daşary ýurtlaryň häzirki hem-de geljekde mümkinçiligi boljak liderleri dürli ugurlarda öz tejribeleri arkaly ýurt bilen tanyşýarlar we amerikaly kärdeşleri bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürýärler. Duşuşyklar olara gatnaşyjylaryň hünär derejesindäki gyzyklanmalaryny beýan edýär hem-de Birleşen Ştatlaryň daşary syýasy maksatlaryny goldaýar.


16.06.2026 14:46
4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.2k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.1k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.3k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......