Lýuis Hemiltona 1063 at güýjündäki Geländewagen bagyşlandy

  • 09.12.2024 06:48
  • 7.4k+

Germaniýanyň HOF Manufaktur kompaniýasy Mercedes-AMG G63-üň binýadynda döredilen Sir Class awtomobilini hödürledi. Awtoulag “Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony we häzirki möwsümiň ahyrynda “Mersedesi” terk edýän britaniýaly Lýuis Hemiltona bagyşlandy.

HOF Sir Class kuwwaty 577 at güýjünden 1063 at güýjüne çenli artdyrylan dört litrlik V8 hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Döredijileriň aýtmagyna görä, ýolsuz ýerden ýöreýän awtomobil 3,5 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar, onuň iň ýokary tizligi bolsa sagatda 300 km-den geçýär.
Mundan başga-da, HOF Sir Class-yň şassisi Mercedes-AMG G63-den 30 mm pesdir.
Awtomobil HOF-dan karbon-keramiki tormozlar we täze tigir arkalaryny, gapdal arkalary we yzky bölegiň komponentlerini öz içine alýan uglerod süýümli elementler toplumy bilen enjamlaşdyryldy.
Awtoulag mawy öwüşginli gara-kümüşsöw reňk bilen boýalyp, “Formula-1-de” “Mersedes” bolidleriniň adaty liwreýasyny gaýtalady.
Rul ýaryş bolidiniň rulunyň stilinde ýerine ýetirildi. Üçegiň içki ýüzüne “Ýas Marina” ýaryş ýolunyň konfigurasiýasynyň şekili çekildi. Hut şu ýerde, Abu-Dabiniň Gran-prisinde Hemilton nemes toparynyň düzüminde özüniň soňky ýaryşyny geçirdi. 2025-möwsüminden britaniýaly “Ferrari” toparyna goşular.
Sir Class awtoulagyndan jemi 11 nusga çykarylar. Onuň bahasy 690 müň dollara barabar.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....