«Türkmengaz» DK Türkiýäniň “BOTAŞ” kompaniýasy bilen gaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirdiler

  • 07.12.2024 13:50
  • 6.1k+

6-njy dekabrda Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Türkiýe Respublikasynyň “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Onuň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkiýe Türkmenistanyň esasy we ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi hem özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň martynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama hem-de “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurdaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny alamatlandyrdy. Bu resminamalar toplumy nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin möhüm hukuk binýadyny emele getirdi.
Duşuşygyň ahyrynda döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.


08.06.2026 19:01
4.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...