Arktikanyň buzlary 2027-nji ýyla çenli doly eräp biler

  • 07.12.2024 12:13
  • 15k+

Alymlar ýene üç ýyldan Arktikanyň deňiz buzunyň eräp gutaryp biljekdigini aýdýarlar. Geteborg uniwersitetiniň barlagçylaryna salgylanýan Daily Mail neşiri bu howa bilen bagly  çynlakaý netijelere getirer diýip habar berýär.

Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu ýyl Arktikadaky deňiz buzunyň iň az meýdany 4,27 million inedördül kilometre deň boldy. Deňeşdirmek üçin, 1979-njy ýyldan 1992-nji ýyla çenli bu görkeziji 6,86 million inedördül kilometre barabar bolupdy.
Klimatolog Selin Heuze we Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň dosenti Aleksandra Ýan ilkinji buzsuz tomus möwsüminiň garaşylyşyndan has ir geljekdigini düşündirýärler. Olaryň çaklamasy geljek 9-30 ýylyň içinde bu günüň gutulgysyzdygyny görkezýän 300 kompýuter simulýasiýasyna esaslanýar. Modelleriň dokuzysy, parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň möçberine garamazdan, munuň 2027-nji ýylda bolup biljekdigini görkezýär.

"Şol gün Demirgazyk buzly umman adatdakysyndan has köp ýylylygy özüne siňdirip biler we bu deňiz buzunyň emele gelmegini kynlaşdyrar" – diýip, Heuze mälim etdi.

Barlagçylar Arktikadaky buzuň ýitmeginiň dünýä ummanynyň derejesine täsir etmejekdigini duýdurýarlar, sebäbi deňiz buzy eýýäm suwdadyr. Şeýle-de bolsa, bu ekstremal howa hadysalaryna, şol sanda Günorta Ýewropada howanyň adatdan daşary sowamagyna we demirgazyk sebitlerde tokaý ýangynlarynyň döremegine sebäp bolar.
Öňki barlaglar 2030-njy ýyllarda Arktikanyň buzunyň ýitip gitjekdigini çaklaýardy, ýöne soňky modeller bu möhleti ep-esli gysgaltdy. Alymlar geljekde boljak üýtgeşmeleriň ekoulgamlaryň we ilatyň uýgunlaşmagyny talap etjekdigine ynanýarlar.


29.05.2026 23:56
6.2k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
9.9k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.6k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

17.05.2026 23:10
11k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....