Dünýäniň Merkezi banklary oktýabrda ýylyň dowamynda rekord 60 tonna altyn satyn aldy

  • 07.12.2024 08:52
  • 5.8k+

Dünýäniň Merkezi banklary 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda rekord 60 tonna altyn satyn aldylar we bu ýylyň başyndan bäri iň uly aýlyk möçber boldy. Bu barada Bütindünýä altyn geňeşiniň (World Gold Council) hasabatyna salgylanyp, “Wedomosti” habar berýär.

Satyn alyş möçberi boýunça öňdebaryjy Hindistanyň Ätiýaçlyk banky boldy, ol öz altyn ätiýaçlyklaryny 27 tonna artdyrdy. Türkiýe we Polşa, degişlilikde, 17 we 8 tonna satyn aldylar. Bu üç ýurduň paýyna umumy global satyn alşyň 60%-i düşýär.
Analitikleriň maglumatlaryna görä, Merkezi banklar tarapyndan altyna bolan gyzyklanma durnukly bolmagynda galýar. 2024-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda global satyn alyş 694 tonna boldy we bu 2022-nji ýyldaky rekord derejä gabat gelýär.
30-njy oktýabrda bahalar ilkinji gezek bir unsiýa üçin 2800 dollardan geçdi we bu dünýädäki syýasy durnuksyzlyk bilen baglanyşyklydyr.
Goldman Sachs Merkezi banklar tarapyndan islegiň ýokarlanmagyny we Federal ätiýaçlyk ulgamynyň esasy göterim goýumynyň peselmegini göz öňünde tutup, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bahalaryň bir unsiýa üçin 3000 dollara ýetip biljekdigini çaklaýar.

düýn 23:05
727

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.3k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

düýn 16:45
795

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......