BYD awtomobil satuwy boýunça ilkinji gezek Ford-dan öňe geçdi

  • 07.12.2024 08:50
  • 3.2k+

Hytaýyň BYD kompaniýasy çärýek satuwy boýunça taryhda ilkinji gezek Ford amerikan öndürijisinden öňe geçdi. 2024-nji ýylyň iýul aýyndan sentýabr aýy aralygynda BYD 1,13 mln awtomobil satdy we bu Ford bilen deňeşdirilende 40 müň awtomobil köpdür diýip, Nikkei Asia ýazýar.

Bu üstünlik BYD-y satuw möçberi boýunça dünýäde altynjy orna çykardy. Kompaniýa 2024-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda 3,25 mln awtomobil satdy we görkezijisi 3,3 mln awtomobil bolan Ford-dan birneme yza galdy.
BYD eýýäm 2023-nji ýyldaky rekordyny täzeledi, şol ýyl ol 3,024 mln awtomobil satypdy. Üçünji çärýekde kompaniýanyň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 38% ýokarlandy.
Hünärmenler, eger BYD häzirki ösüş depginini saklasa, onuň ýyllyk satuw möçberi boýunça hem Ford-dan öňe geçip biljekdigini belleýärler.


05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

13.05.2026 09:33
7.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....