Hytaý dünýäniň elektromobil bazarynda paýyny 76%-e çenli artdyrdy

  • 06.12.2024 20:58
  • 3.6k+

Hytaýyň Ýeňil awtomobiller assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar aýyndan oktýabr aýy aralygynda elektromobil satuwy 14,1 mln birlige ýetdi we şolardan 69%-i Hytaýyň paýyna düşdi. Oktýabr aýynda Hytaýyň bazar paýy 75%-den geçdi.

Hytaý global elektromobil bazarynda agdyklyk etmegini dowam etdirýär. Geçen ýyl, Halkara energetika agentliginiň maglumatlaryna görä, hasaba alman täze elektromobilleriň, takmynan, 60%-i Hytaýyň paýyna düşdi.
ABŞ we ÝB ýaly günbatar bazarlary hytaý elektromobilleri üçin ýokary nyrhlary girizdiler, bu Hytaý senagatynyň ösüşini haýalladyp biler. Ýagny, ABŞ gümrük haklaryny 25%-den 100%-e enli ýokarlandyrdy, ÝB bolsa bar bolan 10%-e goşmaça 35%-e çenli gümrük hakyny belledi.
Muňa garamazdan, hytaý bazary içerki islegleriň we ýeňillikleriň netijesinde öz ornuny saklaýar. Hökümet öz adaty awtomobillerini tabşyrýan alyjylar üçin pul kömegini 20 000 ýuana çenli artdyrdy.
Ilon Maskyň Tesla kompaniýasy hem bu ýagdaýdan peýdalanyp, üçünji çärýekde satuwyny 7% ýokarlandyrdy.


şu gün 07:52
2.5k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......