Dünýäde ulanyşdan galan ýerleriň meýdany Antarktidanyň ululygyndan geçdi

  • 06.12.2024 16:01
  • 6.1k+

Dünýädäki daşky gurşawyň täsirleri sebäpli hasyllylygyny we öndürijiligini ýitiren ýerleriň umumy meýdany 15 million inedördül km-e ýetdi. Bu Antarktidanyň meýdanyndan hem has uludyr. Howanyň üýtgemegini öwrenmek boýunça Potsdam institutynyň hasabatynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Institutyň habar bermegine görä, ýerleriň ulanyşdan galmagy ýylda 1 million inedördül km meýdanda bolup geçýär. Topragyň ulanyşdan galmagynyň esasy sebäbi ony zaýalaýan we ekosistemalary hapalaýan oba hojalygyndaky ulanylýan himiki maddalardyr. Bu amal planetanyň adamlar üçin amatly şertleri saklamak ukybyna ýaramaz täsir edýär.
BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş Konwensiýasynyň metbugat sekretary Ibragim Tiaw "The Guardian" gazetine beren interwýusynda: "Biz çäre görmesek, netijeler durmuşyň ähli taraplaryna täsir eder we geljek nesiller üçin bolsa kynçylyklary hasam kynlaşdyrar" diýip belleýär.
Topragyň iň uly zaýalanmagy Günorta Aziýada, Hytaýyň demirgazygynda, ABŞ-nyň Uly düzlüklerinde we Ortaýer deňzinde ýüze çykýar diýip, tass.ru ýazýar.
Bilermenleriň pikiriçe, howanyň üýtgemegi, gurakçylyk we suw joşmagy ýaly täsirler ýagdaýy hasam agyrlaşdyrýar.


18.04.2026 12:04
1.6k+

Biosensor guşlar ummanda simabyň paýlanyşynyň detallaýyn kartasyny döretmäge kömek etdiler

Ekologlaryň halkara topary 11 müňden gowrak deňiz guşunyň gan maglumatlaryny öwrenmegiň esasynda dünýä ummanlarynda zäherli simap birleşmeleriniň ýaýramagynyň detallaýyn kartasyny düzdi. Bu barada Nagoýa......

14.04.2026 16:09
5.1k+

Amyderýa goraghanasynda ýaşlar üçin iki günlük eko-syýahat guraldy

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda işjeň ýaşlar üçin iki günlük eko-syýahat guraldy. Çäre ekologik sowatlylygy ýokarlandyrmaga we tebigata aýawly çemeleşmek ukyplaryny kemala getirmäge gönükdirildi diýip,......

02.04.2026 15:00
5.9k+

Ýeriň ilaty 2070-nji ýyllaryň ahyryna çenli 12,4 milliard adama ýeter

2070-nji ýyllaryň ahyryna çenli Ýer şarynyň ilaty häzirki 8,3 milliarddan 12,4 milliard adama çenli ýetip biler. Bu barada Flinders uniwersitetiniň geçiren ylmy gözleglerine salgylanyp, «Daily Mail» neşiri......

28.03.2026 15:20
17k+

Şu gün Ýer bir sagatlyk tümlüge bürener

Şu gün, 2026-njy ýylyň 28-nji martynda bütin dünýäde millionlarça adamlar, müňlerçe şäherler we ýüzlerçe meşhur binalar taryhda iň köpçülikleýin ekologiýa aksiýasyna goşular. Olar planetamyzyň geljegi baradaky......