iPhone 15 2024-nji ýylyň III çärýeginde dünýäde iň meşhur smartfon boldy

  • 05.12.2024 20:21
  • 4.5k+

2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde iPhone 15 dünýä bazarynyň 3%-ini eýeläp, dünýäde iň köp satylan smartfon boldy. Ikinji we üçünji orunlary-da Apple-iň smartfonlary – iPhone 15 Pro Max we iPhone 15 Pro eýeledi diýip, 9to5Mac habar berýär.

Liderleriň bäşligine Samsung-yň iki modeli – Galaxy A15 5G we Galaxy A15 4G girdi.
Altynjy orunda has elýeterli bahasynyň kömegi bilen meşhur bolup galýan iPhone 14 ýerleşýär. Xiaomi kompaniýasy Redmi 13C modeli bilen 7-nji orny eýeledi. 8-nji orun Samsung-yň A seriýadan ýene bir smartfonyna – Galaxy A05-e degişli boldy. Galaxy S24 we S24 Ultra flagman modelleri 9-njy we 10-njy orunlarda ýerleşdiler.
Hünärmenler iPhone 15 Pro-nyň üstünliginiň kämilleşdirilen kamerasy we displeýi, şeýle-de köne gurluşlary çalyşmak üçin amatly teklipler bilen baglanyşyklydygyny belleýärler. Muňa garamazdan, Apple günorta koreýaly bäsdeşiniň has elýeterli modelleri sebäpli satuwyň birneme peselendigini görkezdi.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...