GAC we Huawei täze premium awtoulag brendini döreder

  • 05.12.2024 20:06
  • 4.5k+

GAC we Huawei kompaniýalary täze energiýa çeşmeleri bilen işleýän akylly awtoulaglary işläp taýýarlajak täze premium brendiniň döredilendigini habar berdiler. Hyzmatdaşlar hyzmatdaşlyk etmek baradaky şertnama gol çekdiler diýip, CnEVPost habar berýär.

Täze brend öňden bar bolan Trumpchi, Aion we Hyptec markalarynyň üstüni ýetirer. Brendiň ady entek görkezilmedi.
GAC-yň awtoulag öndürmekde 27 ýyllyk tejribesi bar. Huawei maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy bazaryndaky öňdebaryjylardan biridir. Indi kompaniýalar innowasiýa ulag serişdelerini döretmek üçin tagallalaryny birleşdirmekçi bolýarlar. Täze awtoulaglaryň ösen akylly ulgamlar bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar.
Beýanatda hyzmatdaşlygyň önümi işläp taýýarlamak, marketing we daşky gurşaw hyzmatlaryny öz içine aljakdygy bellenýär. Şeýle hem, kompaniýalar pilotsyz tehnologiýa pudagynda bilelikdäki işi ösdürerler, olar 2021-nji ýylda L4 synpyň  awtonom ulaglaryny işläp taýýarlamak hakynda hyzmatdaşlygy yglan edendäki  başlangyçlaryny dowam etdirerler.


düýn 08:16
2.6k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....