"People’s Choice Award 2024" baýragynyň finalçylary mälim edildi: Ýabany tebigatyň iň gowy suratlary

  • 04.12.2024 23:07
  • 6.8k+

Londonyň Tebigat taryhy muzeýi "People’s Choice Award 2024" baýragynyň finalyna çykan suratlary paýlaşdy. "Ýabany tebigatyň suratçylarynyň" arasyndan bäsleşigiň emin agzalary iň gowularyny saýladylar, indi suratlar halkyň söýgüsini we bäsleşigiň baýragyny gazanmak üçin bäsleşerler. 

Bäsleşige suratlar dünýäniň 117 ýurdundan we dürli sebitlerinden geldi. Jemi oňa 59,228 iş tabşyryldy we finala bolsa iň gowulary saýlanyldy.
Professional fotosuratçylaryň düşüren suratlary dünýäniň dürli künjeklerinde haýwanlaryň durmuşynda ajaýyp pursatlary görkezýär diýip, naked-science.ru ýazýar.


Sançmak - awtory Dewid Northall. Suratda Botswanada oklukirpi bilen Mellivora capensis-iň (медоед) söweşden soňky pursaty görkezilýär 


Wengriýanyň Kişkunşag milli seýilgähinde Coracias garrulus (Сизоворонка) guşy kiçijik baýguşdan höwürtgesini goraýar. Awtory - Bens Mate. Fotosuratçy işinde kiçijik baýguşyň arkasyndan tizlik bilen uçup gelip, Coracias garrulus (Сизоворонка) guşunyň garaşylmadyk hüjüme geçen pursatyny "tutmagy" başardy.


Ýaşajyk ak aýynyň aw edişi. Awtory - Erlend Harberg. Suratda Arktikanyň suwlarynda aw awlamagy öwrenýän ýaş aýy görkezilýär.


Baýguş Kanadadaky otly penjireden uçýar. Awtory - Jess Finleý. Suratda bu gijeki guşuň aw awlaýan pursaty görkezilýär.


Giriş gadagan edildi. Awtory - Ien Wud. Ýewraziýa "meles-i" (евразийский барсук - Ýewraziýa torsugy) iýmit gözläp, Angliýanyň Seýnt Leonards şäherinde ýaragly "meles-iň" grafitine seredýär.


Mozambikdäki Sengi. Awtory - Piotr Naskreki. Iýmit gözleýän kiçijik süýdemdirijiniň seýrek kadry.


Gabondaky şimpanze. Awtory - Nora Milligan. Suratda tokaýda şimpanzeleriň durmuşyndan pursatlar görkezilýär.


Gekkon (Gekkonidae - as) Günorta Afrikanyň Kgalagadi şäherindäki Ulag çäklendirilen seýilgähinde bir gyrgy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Awtory - Uilli Berger wan Şalkwik. Suratda duşmanyň garşysynda iki aýagynda dik durup, uly we açyk reňkli gyrgy bilen kiçijik gekkonyň (asyň) arasyndaky söweş sahnasy suratlandyrylýar. Suratçy onuň uly ýyrtyjy bilen batyrgaý söweşendigini synlady, ýöne gynansak-da, oňa mümkinçilik ýokdy.


Buz ýüzündäki Ueddella Týuleni. Awtory - Sýu Flud. Bu kadrda sowuk suwlarda týuleniň asuda görnüşi.


Ak ses. Awtory - Mişel D'Ultremon. Ak towşan Belgiýanyň töweregindäki garly landşaft bilen ajaýyp sazlaşýar.


Çilidäki Torres del-Paýne milli seýilgähinde Puma. Awtory - Aaron Baggenstos. Puma tebigy giňişlige seredip, gaýanyň üstünde dur.


Arktika suwlaryndaky Beluga kiti. Awtory - Mark Uilýams. Surat derisiniň aşagyny süpürmek üçin ýalpak suwda derýanyň düýbüne oýkanýan beluga kitini görkezýär.

şu gün 08:53
9

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

şu gün 08:04
931

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

şu gün 07:46
185

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 23:10
1.3k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......