Toyota Hytaýda awtoulaglarynyň bahasyny döwdi: Corolla 12,3 müň dollar, RAV4 17,8 müň dollar

  • 04.12.2024 11:54
  • 14k+

Toyota kompaniýasy Hytaýda 2024-nji ýylyň ahyryna çenli awtoulaglarynyň bahasyny arzanlatjakdygyny habar berdi. Köp modeller uly arzanlaşyklar bilen satylar diýip, ITHome habar berýär.

Bu aksiýanyň çäklerinde Toyota Land Cruiser Prado awtoulagyny 3500 dollar arzanlaşyk bilen satyn almak mümkinçiligi bar. Toyota Corolla-nyň bahasy 12 300 dollar bolar, Toyota RAV4-üň bahasy bolsa 17 800 dollardan başlar. Şeýle-de beýleki meşhur modeller hem arzanladylar: Toyota Harrier-iň bahasy 20 500 dollardan başlar, Toyota Crown bolsa 33 000 dollar bolar.
Mundan başga-da, kompaniýa köne awtoulagy täzä çalyşmak isleýänlere 3200 dollara çenli arzanlaşyk hödürleýär. Şeýle hem satyn alýan müşderilere tehniki hyzmatlar we sowgatlar ýaly dürli bonuslar berler.
2024-nji ýylyň noýabr aýynda 90 037 sany FAW Toyota satyldy, bu görkeziji oktýabr aýy bilen deňeşdirilende 18% ýokarydyr. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende bolsa 38% ýokary.
Şu ýyl 11 aýyň dowamynda kompaniýa jemi 703 268 awtoulag satdy.


düýn 09:36
2.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.5k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......