Türkmen karateçileri Germaniýada «Chemnitz Open 2024» ýaryşynda 45 medal gazandylar

  • 03.12.2024 14:02
  • 8.4k+

Türkmen türgenleri Germniýada Hemnisde 5 ýurtdan 953 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen «Chemnitz Open 2024» karatedo ýaryşynda dürli derejeli 45 medal eýelediler.

Karateçiler dürli ýaş derejesinde kata (formal maşklary görkezmek) we kumite (söweşler) ugurlary boýunça güýç synanyşdylar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň toparynyň hataryny 18 türgen, 7 emin we 2 tälimçi düzdi.
Ýaryşyň ähli görnüşleriniň netijelerine görä, ildeşlerimiz 21 altyn, 12 kümüş we 12 bürünç medal gazandylar. Bu görkeziji boýunça türkmen karateçileri Germaniýanyň wekillerinden soň (97 altyn, 102 kümüş we 190 bürünç) medallar babatda ikinji orny eýelediler. Polşa (1 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç), Çehiýa (1 kümüş we 1 bürünç) we Nepal (2 bürünç) toparymyzdan yza galdylar.
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Allanur Ýalkabow (3 altyn), Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Öwezmyrat Sapadurdyýew (2 altyn we 2 kümüş), Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby Resul Atajanow (2 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç), Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynyň türgeni Magtymguly Annaýew (2 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç), Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Garamämmet Garamämmedow (2 altyn we 2 bürünç) we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 3-nji ýyl talyby Daýanç Keletliýew (1 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç) medal eýeläp, türkmen toparynyň üstünligine saldamly goşant goşdular.
Türkmen karateçileri ýaryşda milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Aýdyň Çaryýewiň we onuň kömekçisi Baýram Ýalkabowyň ýolbaşçylygynda çykyş etdiler. Toparymyz ýakyn wagtda 4–8-nji dekabr aralygynda Adriatik deňziniň kenarynda ýerleşýän Italiýanyň Ýezolo şypahana şäherçesinde geçiriljek «Ýaşlar karate ligasy 1» halkara ýaryşyna gatnaşmagy göz öňünde tutýarlar.
Geljekki ýaryşlar diňe bir medal babatda däl, eýsem, 2026-njy ýylyň 31-nji oktýabryndan 13-nji noýabry aralygynda Senegalyň paýtagty Dakarda geçiriljek IV tomusky Ýetginjekler Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin utuklary üçin hem möhümdir.


18.06.2026 14:40
3.9k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......