Huawei 12-nji dekabrda Dubaýda eplenýän flagman smartfonynyň global tanyşdyrylyşyny geçirer

  • 03.12.2024 13:32
  • 2.4k+

Hytaýyň Huawei kompaniýasy 12-nji dekabrda dünýä bazary üçin özüniň flagman eplenýän gurluşynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer. Çäre Dubaýda geçiriler, anons Huawei Mobile kompaniýasynyň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntynda ýerleşdirildi.

“Klassykany açyň, çünki flagman eplenýän gurluşlaryň täze kämillik döwri başlanýar” – diýlip, habarda aýdylýar, ýöne gürrüňiň haýsy model barada gidýändigini kompaniýa aýdyňlaşdyrmaýar.

Analitikler çärede noýabr aýynda Hytaýda hödürlenen eplenýän smartfon Mate X6-nyň halkara wersiýasynyň görkezilip bilinjekdigini çaklaýar. Şeýle-de, ilkinji üç eplenýän smartfon bolan Mate XT Ultimate Design görkezilip bilner. Onuň dünýä bazaryna 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde çykmagyna garaşylýar, ýöne deslapky anonsyň Dubaýda boljakdygyny inkär edip bolmaz.
Şeýle-de, öň Hytaýda çykarylan MatePad Pro 13.2 (2025) planşetiniň we FreeBuds Pro 4 nauşnikleriniň peýda bolmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, Mate 70 hatarynyň smartfonlarynyň dünýä bazaryna çykjak senesi nämälimligine galýar.
Huawei üç ekranly smartfonlar ýaly innowasion çözgütleri hödürlemek bilen, eplenýän gurluşlaryň bazarynda ornuny berkitmegi dowam etdirýär.


düýn 08:15
1.7k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....