"2024-nji ýylyň peýzaž fotosuratçysy" bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

  • 02.12.2024 22:16
  • 4.4k+

Halkara "2024-nji ýylyň peýzaž fotosuratçysy" bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşige dürli ýurtlardan 3500-den gowrak surat hödürlendi.

Bu ýyl kanadaly fotosuratçy Endrýu Melžinskiýniň suraty hünärmenlerde uly täsir galdyrdy. Absolýut ýeňiji Argentinanyň Atakama çölünde özboluşly tebigy landşafty görüpdir. Suratda Kono de Arita wulkany görkezilýär. (Bu surat habaryň esasy suraty hökmünde ýerleşdirildi).
Mundan başga-da, Melžinski bäsleşige buzly tebigatyň suratyny hödürledi.

Ikinji orny awstraliýaly Ignasio Palasio eýeledi, ol Argentinadaky La Puna sebitiniň pemzaly meýdanynyň suratyny hödürledi.

Şeýle hem ol "Ýedi reňkli dagyň" (Boliwiýa, Siloli çöli) suratyny hödürledi.

Ýokarda agzalan Kono de Arita wulkanynyň suraty, Palasionyň hödürlän işleriniň arasynda hem bar.

Bäsleşigiň esasy kategorasy bilen birlikde, emin agzalar birnäçe nominasiýalara degişli işlere baha berdiler:

"Ýylyň peýzaž suraty": Itinomata, Ýaponiýanyň Ýamaguti prefekturasy (fotosuratçy Rýoheý Irie).

"Gar we buz": Buz girdaby, Grenlandiýa (fotosuratçy Ýerun wan Niwenhowen).

"Täsin asman": Polýar şöhlelenmesi, meteor akymy we beýleki gyzykly hadysalar, Rokka-la-Meha, Italiýa (fotosuratçy Frederiko Deluççi).

"Tokaý": Dumanly daglardaky şöhle saçýan tomzaklar, Ufen, Sinçžhu, Taýwan (fotosuratçy Şirli Wun).

"Gara we ak": Ölüm jülgesi, Kaliforniýanyň milli seýilgähi, ABŞ (fotosuratçy J. Fris Rumpf).

"Aerosurat": Dýunalar, Namibiýa (fotosuratçy Benjamin Barakat).

düýn 23:12
552

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
1.1k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
808

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......