Counterpoint: Eplenýän smartfonlara bolan islegiň peselmegi bahalaryň arzanlamagyna sebäp bolar

  • 30.11.2024 14:26
  • 7.2k+

Counterpoint Research analitik kompaniýasy 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde eplenýän smartfonlaryň bazaryndaky barlaglarynyň netijelerini paýlaşdy. Geçen alty çärýegiň dowamyndaky ösüşden soň, hasabat döwründe, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, bu smartfonlaryň bahasynyň 1% peselendigi görünýär.

Counterpoint-iň uly seljerijisi Jen Parkyň sözlerine görä, eplenýän smartfonlaryň bazary bir segmentden esasy bazara geçende kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan "geçiş tapgyryna" gadam basdy.
Maglumatlara görä, Samsung 56% paý bilen segmentde öňdebaryjylygyny saklapdy, ýöne mundan bir ýyl öň kompaniýanyň paýy 70% bolupdy. Kompaniýanyň iberişleri 21% pese gaçdy we onuň Galaxy Z Flip6 hem-de Z Fold6 modelleri bolsa satuwlarynyň gowşakdygyny görkezdi. Munuň sebäbi, öňki wersiýalary bilen deňeşdirilende, düýpli gowulaşmalaryň bolmazlygydyr.
Eplenýän enjamlaryň bazaryndaky bäsdeşlik, esasanam, Hytaýda has güýçlendi, Samsung bazaryň bary-ýogy 8 göterimini eýeleýär.
Iýun we iýul aýlarynda flagman modelleriniň çykmagy sebäpli, eplenýän enjamlaryň bazaryndaky iň çalt ösýän brendler HONOR we Motorola boldy. Demirgazyk Amerikada Galaxy Z Flip Moto Razr bilen, Ýewropada bolsa Honor Magic V bilen bäsleşýär.
Huawei Hytaýda Mate X5 we Pocket 2 modelleriniň meşhurlygy sebäpli 15% paýyny saklap, öz ornuny kem-kemden berkidýär. Şol bir wagtyň özünde täze býujet modelleri bolan Nova Flip we Mate XT alyjylaryň ünsüni özüne çekmedi.
Xiaomi, esasanam, Mix Flip-iň ilkinji eplenýän modeli çykandan we Hytaýyň daşyna ilkinji gezek çykarylandan soň, iberişleriň rekord derejede 185% ýokarlandygyny görkezdi.


11.04.2026 14:59
6.5k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
2.8k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.7k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...