Redmi K80 smartfony we Redmi Watch 5 akylly sagady tanyşdyryldy

  • 30.11.2024 11:38
  • 5.3k+

Xiaomi özüniň täze önümleriniň uly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi, onda Redmi K80 smartfony we Redmi Watch 5 akylly sagady hödürlendi. Eýýäm enjamlar Hytaýda bar, ýakyn wagtda olar dünýä bazarlaryna başga bir at bilen çykyp bilerler.

Redmi K80 kuwwatlylygy 6550 mAh bolan batareýasy hem-de Snapdragon 8 Gen 3 çipseti bilen tapawutlanýar. Bu enjam IP68 standartyna laýyklykda suwdan we tozandan goralyp, ol HyperOS 2.0-da (Android 15-de) işleýär.

Redmi K80-niň tehniki häsiýetleri:

  • Ekrany: OLED-displeýi 3200×1440 piksel, 6,67 dýuým, iň ýokary ýagtylygy 3200 cd/m², täzeleniş tizligi 120 Hz bolup, onuň HDR10 + we Dolby Vision goldawy bar.
  • Kameralary: OIS bilen esasy 50 MP, giňburçly 8 MP we makrokamera 2 MP eýe bolup, mundan başga-da, onda Super Night Mode, Dynamic Photos (Super gije rejesi, dinamiki suratlar) surat funksiýalary, 8K wideo ýazgysy bar. Şeýle-de ol 20 MP durulykda öňdäki selefi kamera eýedir.
  • Ýady: 16 GB çenli LPDDR5x RAM we 1 TB UFS 4.0 saklaýjylygy (ammary) bar.
  • Batareýasy: 6550 mAh, ol 90 Wt- da çalt zarýad alyp bilýär.
  • Reňkleri: Obsidian Black (gara), Snow White (ak), Mountain Green (ýaşyl) we Moonlight Blue (gök) görnüşde elýeterli.
  • Bulardan başga-da: IP68 standartyna görä, tozan we suw goragy, ultrases barmak yz skaneri, NFC, stereodinamikasy bar.

Iki zynjyrly sowadyş ulgamy prosessory ýylylygyň ýaýramagy bilen üpjün edýär.  Çipseti Qualcomm-yň emeli aň AI Engine-ni goldaýar.
Redmi K80 bahalary:

  • 12/256 GB - 345 $
  • 16/256 GB - 372 $
  • 12/512 GB - 400 $
  • 16/512 GB - 441 $
  • 16 GB/1 TB - 496 $.

Akylly sagat - Redmi Watch 5 AMOLED displeýi (2.07 dýuým), 550 mAh batareýasy we saglyga gözegçilik funksiýalary (ýürek urşuny we ganyň kislorod bilen doýma derejesini ölçemek üçin datçikler) bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň ekrany 2.5D aýna bilen goralýar. Akylly sagadyň çarçuwasy alýumin garyndysyndan we sanly täji poslamaýan polatdan ýasalýar.
Sagadyň zarýady 12 güne çenli dowam edip bilýär we GNSS, NFC hem-de Bluetooth 5.3 modullaryny goldaýar. Onuň suwa garşy goraglylygy 5 ATM suw basyşyna çydaml diýip, 3dnews.ru ýazýar.
Redmi Watch 5-iň bahalary:

  • Esasy görnüşi: 83 $.
  • eSIM görnüşi: 110 $.

22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...