FT: bir ýylyň içinde iri maýadar tapmasa, Nissana ýapylmak howpy abanýar

  • 29.11.2024 20:08
  • 10k+

Nissan çynlakaý maliýe çökgünliligini başdan geçirýär, kompaniýa ýapylmagyň bäri ýanynda dur. Işi durnuklaşdyrmak üçin bary-ýogy 12-14 aý wagt galdy diýip, kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň wekillerine salgylanýan “Financial Times” habar berýär.

Kompaniýanyň esasy aladalary üçünji çärýekdäki girdejisiniň 85% peselmegini we 9,3 milliard ýena (60,1 million dollar) ýitgisini öz içine alýar. ABŞ-da we Ýaponiýada satuwyň pesligi sebäpli, kompaniýa 9 müňden gowrak işgäri işden boşatdy, önümçiligi bolsa 20% azaltdy. Şunlukda, “Nissan” 3 milliard dollar tygşytlamaga garaşýar diýip, ft.com ýazýar.
Çökgünligi ýeňip geçmek üçin Nissan bank ýa-da ätiýaçlandyryş topary ýaly uzak möhletli maýa goýujy gözleýär. Şeýle-de dolandyryş paýyna eýe bolup biljek kompaniýanyň köp ýyllyk bäsdeşi Honda bilen-de hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar. Golaýda Nissan elektrik awtoulaglarynyň uzak möhletleýin ösüşi üçin “Honda” we “Mitsubishi” bilen hyzmatdaşlyk etdi.
Nissanyň fransuz hyzmatdaşy “Renault” 25 ýyllyk bileleşigini üýtgedip gurmak, şol sanda “Honda” paý satmak mümkinçiligini öwrenýär.

“Honda” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bu biznesi halas etmek üçin golaýdaky aýlaryň aýgytly boljakdygyna ynanýarlar diýip, investing.com habar berýär.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....