Jeýms Uebb älemde iň gadymy bolmaga dalaş edýän 5 sany galaktikany tapdy

  • 29.11.2024 19:46
  • 4.1k+

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy (JWST), alymlaryň pikirine görä, älemde iň irki bolmagy mümkin diýip hasaplanmaga  dalaşgär bäş sany galaktikany tapdy. Olar häzir hem Uly partlamadan  200 million ýyl geçendäki bolşy ýaly ýaly görünýär diýip, Space.com habar berýär.

Bu obýektleriň ýagtylygy Ýere 13,6 milliard ýylda gelip ýetipdir, ýöne älemiň giňelmegi sebäpli indi olar 34 milliard ýagtylyk ýyly uzakda ýerleşýär. Barlag GLIMPSE taslamasynyň çäklerinde geçirildi.
Galaktikalaryň ýüze çykarylmagy Abell S1063 galaktika klasterini öçügsi ýagtylygy güýçlendirmek üçin ulanýan grawitasiýa linzasy hadysasy arkaly mümkin boldy.
Takyk derňew üçin alymlar spektroskopiki barlaglary geçirmegi meýilleşdirýärler, ýöne mundan beýläkki açyşlar ep-esli wagt talap eder. Tehas uniwersitetinden toparyň ýolbaşçysy Wasiliý Kokorew has ir ýüze çykan we öçügsi galaktikalary JWST arkaly 450 sagatlap gözegçilik edende tapyp boljakdygyny düşündirdi (GLIMPSE taslamasynyň bary-ýogy 150 sagat wagty bardy).

“Şeýlelikde, nazary taýdan, hawa, has ir we has uzak galaktikalar hem tapylyp bilner. Emma olar juda öçügsi we kiçi görner, netijede, olary tapmak gaty kyn bolýar" – diýip, ol sözüni jemledi.


düýn 20:00
918

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 19:54
1.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

düýn 17:07
681

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......