TikTok ýetginjeklere gözellik filtrleriniň kömegi bilen ýüz keşbi üýtgetmegi gadagan eder

  • 29.11.2024 12:22
  • 4.7k+

TikTok 18 ýaşa çenli ulanyjylar tarapyndan daşky keşbi üýtgetmek üçin filtrleriň ulanylmagyna gadaganlyk girizilýär. Ýetginjekleriň psihiki saglygyny goramaga gönükdirilen bu çäre Dublinde kompaniýanyň ofisinde geçirilen howpsuzlyk forumynda yglan edildi diýip, The Guardian habar berýär.

Gysga wideolary döretmek we görmek üçin platforma kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylara gözüňi, dodagyňy ulaltmak ýa-da deriniň tonuny deňlemek ýaly ýüz keşbi üýtgedýän filtrleri ulanmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär.
Çäklendirme, mysal üçin, ýüzi hakykata has ýakyn üýtgedýän we köp ulanyjylaryň pikiriçe derini “tekizläp”, çekgeleri we gaşy has ýiteldip, gözelligiň hakyky däl ülňülerini görkezýän Bold Glamour filtrini öz içine alar.
Şol bir wagtyň özünde, ýüze towşan gulaklaryny ýa-da itiň burnuny goýýan filtrler elýeterli bolmagynda galar.
Şeýle ädim psihologlaryň we ene-atalaryň arasynda barha güýçlenýän howsalalar bilen baglanyşyklydyr. Filtrleriň hemişe ulanylmagy gözellik ülňüleri barada ýalan düşünjeleri döredip biler, bu hem ýetginjegiň öz-özüne berýän bahasyna ýaramaz täsir edýär. Olaryň käbiri öz hakyky keşbinden nägile bolup başlaýar.
Şeýle-de, TikTok 13 ýaşdan kiçi ulanyjylaryň platforma girmeginiň öňüni almak üçin gorag ulgamyny kämilleşdirer.


17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

20.03.2026 19:13
4.9k+

Psihologlar TikTok-y soňsuz waraklamagy bes edip, wagtyňa erk etmek hakda maslahat berdiler

Psihologlar programmalardaky lentalary geçirenlerinde näme üçin adamlaryň saklanyp bilmeýändigini düşündirdiler we şeýle hereketi edýärkäň özüňi gaýtadan ele almagyň usulyny teklip etdiler. Soňsuz skrolling - bu sahypa aşak geçirildigisaýy mazmunyň ýüklenmek funksiýasydyr...