iPhone 17 Pro we Pro Max alýumin çarçuwa we täze kamera dizaýnyna eýe bolar – ilkinji maglumat syzmalary

  • 29.11.2024 12:12
  • 12k+

Apple kompaniýasy iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max üçin alýumin çarçuwa gaýdyp gelýär, bu bolsa ençeme ýyl poslamaýan polat we titan ulanylandan soň gurluşlaryň dizaýnynyň uly üýtgeşmä sezewar boljakdygyny aňladýar.

The Information tarapyndan hödürlenen maglumat syzmalary täze modelleriň gurluşy we yzky paneliniň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berýär.
Öň, flagman gurluşlarda poslamaýan polat ulanylýardy, iPhone 15 Pro bilen bolsa titan korpus hödürlendi. Çeşme geljekki modeliň yzky paneliniň kombinirlenen, ýagny ýokarky böleginiň alýumin, aşaky böleginiň bolsa simsiz zarýad berşi goldamak üçin aýnadan boljakdygyny belleýär.
Iň möhüm üýtgeşmeleriň biri kameranyň täze gönüburçly öňe çykmasy bolar, ol hem adaty 3D aýnanyň deregine alýuminden taýýarlanar. Bu element öňki modellere garanyňda ep-esli uly bolar.
iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max 2025-nji ýylyň güýzünde hödürlener.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...