Samsung uly täzelenmäni taýýarlaýar. One UI 7-de haýsy funksiýalar peýda bolar?

  • 29.11.2024 11:05
  • 5.7k+

Samsung özüniň Galaxy smartfonlary üçin One UI 7 operasion ulgamyna täzelenme taýýarlaýar. Insaýderleriň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň dekabryndan başlap, Galaxy S24 seriýasynyň eýeleri üçin interfeýsiň täze wersiýasy elýeterli bolar we biraz soň beýleki modellerde hem elýeterli bolar.

Gürrüňlere görä, täzelenme interfeýsdäki üýtgeşmeleri öz içine alýar we Apple enjamlarynyň eýelerine tanyş bolan birnäçe funksiýalary goşýar.
Esasy täzelikleriň biri täzeden işlenip düzülen çalt giriş paneli bolar. Adaty nyşanlaryň ýerine köpürjik görnüşindäki düwmeler peýda bolar. Wi-Fi we Bluetooth ýaly esasy sazlamalar ekranyň ýokarsynda uly düwmeler bilen görkeziler we beýleki elementler bolsa aşakda ýerleşer. Ulanyjylar dürli elementleri goşmak ýa-da aýyrmak arkaly paneliň mazmunyny özbaşdak düzüp bilerler.
Şeýle-de, One UI 7-niň wizual netijeleri kämilleşdirildi, bu ekranlaryň arasynda ondan-oňa geçende hasam göze ilýär. Interfeýs has akgynly we duýgur bolar.
Täze funksiýalaryň biri bolan NowBar ekranda habarnamalar ýa-da gowşuryş derejesi ýaly  işjeň amallary görkezýär. Bu çözgüt Apple-iň Dynamic Island-i bilen deňeşdirilýär.
Programmalaryň daşky görnüşi hem üýtgeşmelere sezewar boldy. Hususan-da, kameranyň interfeýsi has ýönekeýleşdi. Esasy sazlamalar indi bir gezek el degrilende açylyp bilinjek amatly menýuda gizlenýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...