Hiçden giç ýagşy: Gresiýada 80 ýaşly pensioner okuwyny tamamlamak üçin mekdebe dolandy

  • 28.11.2024 22:16
  • 15k+

Gresiýadan 80 ýaşly Wasilis Panaýotaropulos Afinada agşamky mekdebe girdi. Pensioner tas 70 ýyl mundan ozal taşlanan okuwyny gutarmak kararyna geldi diýip, The Guardian ýazýar.

“Men ekin meýdanynda kakama kömek etmek üçin [mekdepden] 12 ýaşymda gitdim, ýöne ýüregimde hemişe yzyma dolanmak isleýärdim. Bu isleg meni hiç wagt terk etmedi” – diýip, ol Peloponnesdäki obada geçiren çagalygyny ýatlaýar.

Panaýotaropulos hususy tawernasynyň eýesi bolýança köp ýyllap ofisiant bolup işledi. 80 ýaşyna ýetende okuwyny gutarmak kararyna geldi we bu barada aýalyna aýtdy. Indi ol 15 ýaşly ýetginjekler bilen bir synpda okaýar. Müdir Ewangeliýa Paterakiniň aýtmagyna görä, ol synpda iň yhlasly okuwçy.

“Meniň gowy görýän sapaklarym – gadymy grek dili we matematika. Men kellämde käbir faktlary bulaşdyran ekenim. Mysal üçin, öň men Wizantiýa imperiýasynyň haçan başlanandygyny ýa-da tamamlanandygyny ynamly bilmeýärdim. Jogap almak nähili gowy” – diýip, pensioner gürrüň berdi.

Onuň çözgüdi Gresiýada käbir seslenmelere getirdi. Demograf Pawlos Baltasyň aýtmagyna görä, Panaýotaropulosyň göreldesi ýaş diskriminasiýasy bilen göreşmäge kömek edýär. Ylmy gözlegçileriň pikiriçe, ýurduň ilaty geljekki çärýek asyrda birden azalar, 2050-nji ýyla çenli bolsa Gresiýanyň ilatynyň, takmynan, 35%-i 65 ýaşdan uly bolar.

“Biziňki ýaly jemgyýetlerde ömür dowamlylygy ýokarlanýar, bu hem uly ýaşdaky adamlar üçin ýaşamagyň hiç haçan giç däldigini görkeziji bolup hyzmat edýär” diýip, Baltas belleýär.


şu gün 01:15
1.8k+

Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik......

19.06.2026 18:41
3.3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.3k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

18.06.2026 14:00
4.2k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......