Neuralink pikiriň güýji bilen dolandyrylýan robot-eliň synaglaryna başlar

  • 28.11.2024 18:08
  • 4.2k+

Neuralink kompaniýasy robotlaşdyrylan eli işläp taýýarlamaga girişdi. Tehnologiýa ysmaz hassalara beýnä oturdylan implantyň kömegi bilen ony dolandyrmaga mümkinçilik berer. Convoy adyny alan taslama Neuralink N1 implantatynyň esasynda işlenip taýýarlanýar diýip, Bloomberg ýazýar.

Bu işläp taýýarlama ysmaz adamlar üçin fiziki garaşsyzlygy gazanmaga gönükdirilendir. Tehnologiýa eýýäm ulanyjylara kompýuterleri we planşetleri dolandyrmaga, wideo oýunlary oýnamaga mümkinçilik berýän tapgyrlardan geçdi. Neuralink-iň indiki maksady fiziki işjeňligi gaýtadan dikeltmek üçin has çylşyrymly interfeýsleri döretmekden ybarat.
Kompaniýa geljek birnäçe ýylda adamlarda tehnologiýanyň kliniki synaglaryna başlamagy meýilleşdirýär.
Häzirki wagtda diňe iki hassa synag üçin implantat aldy, ýöne Neuralink şeýle gurluşlary ýakyn 10 ýylda millionlarça adama oturtmak isleýändigini aýdýar.


düýn 20:49
1.1k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....

02.04.2026 21:00
3.1k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......

14.03.2026 23:33
4k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...