Arabika kofesiniň bahasy Braziliýadaky gurakçylyk sebäpli 13 ýyllyk rekorda ýetdi

  • 28.11.2024 18:07
  • 6.4k+

Arabika kofesiniň bahasy soňky 13 ýylda rekord derejä ýetdi. Bahalaryň ýokarlanmagynyň sebäbi iň uly kofe öndürijileriň biri bolan Braziliýada gurak möwsümiň netijesinde hasyl çaklamasynyň peselmegi boldy diýip, Interfaks habar berýär.

Duşenbe güni ICE Futures Nýu-Ýork biržasynda arabika üçin fýuçersler 1,2% ýokarlanyp, funt üçin 3,0575 dollara ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, robusta üçin fýuçersleriň bahasy 4,1% ýokarlanyp, tonna üçin 5191 dollara barabar boldy.
ABŞ-nyň Oba hojalygy ministrligi 2024/25 oba hojalyk ýyly üçin çaklamalara täzeden garady we indi öň çaklanylan 69,9 mln halta kofeniň deregine 66,4 mln halta hasyla garaşýar. Cemaden meteorologiýa gullugy Braziliýada häzirki möwsümiň 1981-nji ýyldan bäri iň gurak möwsümdigini we munuň kofe hasylynyň hiline we möçberine ýaramaz täsir edýändigini habar berýär.
Hünärmenler howa şertleriniň mundan beýläk-de ýaramazlaşmagynyň arabika üçin bahalaryň ýene ýokarlanmagyna getirip biljekdigini duýdurýarlar, bu bolsa dünýä bazarlarynda kofeniň elýeterli bolmagyny kynlaşdyryp biler.


01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....

31.03.2026 14:51
3.6k+

Braziliýada 1,5 müňden gowrak seýrek görnüşli pyşbaga Riu-Negru derýasyna goýberildi

Braziliýanyň Riu-Negru derýasyna tebigaty gorap saklamak maksatnamasynyň çäginde 1500-den gowrak amazonka pyşbagasynyň (Podocnemis expansa) çagalary goýberildi....

15.09.2025 12:54
8.7k+

Braziliýada ýaguar uly pişikleriň arasynda ýüzmek boýunça rekord goýdy

Uly ýaşly erkek ýaguar Braziliýanyň merkezindäki Serra-da-Mesa suw howdanynda ýüzmek boýunça rekord goýdy. Ol ada ýetmek üçin 1,3 km aralygy ýüzüp geçdi. Rekord kamera-duzaklary tarapyndan tassyklandy diýip, New Scientist habar berýär...

07.05.2025 13:42
11k+

Braziliýada «Colgate» diş pastasynyň satuwy ýene gadagan edildi

Braziliýanyň Milli saglygy goraýyş gözegçilik edarasy ýurtda «Colgate Total Clean Mint» diş pastasynyň satuwyny täzeden gadagan etdi. 2025-nji ýylyň başynda Braziliýadaky ulanyjylar sosial torlarda bu diş pastasy bilen baglanyşykly köpsanly nägilelikleri bildirip başladylar...