Haýsy ýurtlaryň senagatynda robotlar has köp ulanylýar? (Reýting)

  • 28.11.2024 14:49
  • 8.7k+

Önümçilik işlerinde robotlaryň ulanylyşy barha giň gerime eýe bolýar. Halkara robototehnika federasiýasynyň (IFR) maglumatlaryna görä, bütin dünýäde zawodlarda robotlaryň sany soňky ýedi ýylda iki esse artdy.

Robotlary önümçilik işine çekmek boýunça dünýä lideri Günorta Koreýa bolmagynda galýar. Bu ýurtda her 10 000 iş ornuna 1012 robot düşýär, bu bolsa dünýäde iň ýokary görkezijidir.
Soňky birnäçe ýylda bu görkeziji her ýyl 5% ýokarlandy. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary her 10 000 işgäre 770 we 470 robot bilen Singapur we Hytaý eýeleýär.
Halkara robototehnika federasiýasy önümçilik pudagynda robotlaryň gürlüginiň ýokarlanmagynyň awtomatlaşdyryş derejesiniň görkezijisidigini belleýär. Hytaý, uly işçi güýjüne garamazdan, tehnologiýa işjeň maýa goýýar, bu hem oňa öňdebaryjy ýurtlar bilen bäsleşmäge mümkinçilik berýär. Germaniýa (439) we Ýaponiýa (419) dördünji we bäşinji orunlary eýeleýär. ABŞ-da her 10 000 işgäre 295 robot düşýär, bu hem IFR-iň sanawynda onunjy görkezijidir.
Ortaça bütin dünýäde her 10 000 işgäre 162 robot düşýär, bu 2016-njy ýylyň derejesinden iki esse ýokarydyr.
Bellenilişi ýaly, ähli robotlaryň, takmynan, 30%-i awtomobil pudagynda, 26%-i elektronika önümçiliginde ulanylýar. Bu pudaklar awtomatlaşdyrmagyň ösüşine itergi berýän esasy ugurlar bolmagynda galýar.
Maglumatlar ýurtlaryň täze ykdysady synaglara we önümçiligiň ýokarlanmagyna uýgunlaşmak boýunça alyp barýan tagallalaryny görkezýär.


düýn 11:15
2.1k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 07:37
2.6k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....