Hytaýda sesden tiz uçýan geljegiň uçary döredildi: ol sagatda 4900 km tizlige ýeter

  • 27.11.2024 14:32
  • 8.4k+

Hytaýyň “Space Transportation” kompaniýasy “Cuantianhou” atly (adatdan daşary) uçaryň modelini hödürledi. Geljekde şeýle uçar Pekinden Nýu-Ýorka ýolagçylary bary-ýogy iki sagadyň içinde eltip biler diýip, SpaceNews habar berýär.

Model Bremendäki “Space Tech Expo & Conference Europe” halkara konferensiýasynda görkezildi. Birinji prototipi 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda synagdan geçirmek meýilleşdirilýär.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Fan Deniň sözlerine görä, uçar sagatda 4900 km tizlige ýetip biler. Bu ýerde gürrüň her kilometre ýangyç sarp etmegiň iň az möçberi barada gidýär. Şol bir wagtyň özünde uçar sagatda iň ýokary tizlige - 6100 km ýetmäge ukyplydyr.
Bu täze uçar 20 kilometrden gowrak belentlikde uçup, bir uçuşda 3000 kilometre çenli aralygy geçer.

2027-nji ýyla çenli kompaniýa iki ýolagçy gatnatmaga ukyply uçýan enjamy döretmekçi bolýar. Şeýle-de 2031-nji ýyla çenli bolsa, 50 ýolagça niýetlenen kuwwatly uçaryň has uly görnüşini satuwa çykarmak meýilleşdirilýär. Onuň uzynlygy 30 metr, agramy - 70 tonna bolup, tizligi sagatda 6100 kilometre çenli bolar diýip, naked-science.ru ýazýar.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......