Puerto-Rikonyň wekili “Dünýä jenaby 2024” bäsleşiginde ýeňiji boldy

  • 26.11.2024 14:34
  • 10k+

Puertorikoly Denni Mehia Romero “Dünýä jenaby 2024” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bäsleşigiň finaly Wýetnamyň Fantýet şäherinde geçirildi. Şu ýyl titul ugrunda dürli ýurtlardan 60 gatnaşyjy bäsleşdi diýip, Vietnam.vn habar berýär.

Titulyň eýesi 27 ýaşly Denni Mehia Romero lukmançylyk ylymlarynyň bakalawry, tansçy we aýdymçydyr. Öň, ol “Jenap Sport” deslapky bäsleşiginde ýeňiş gazandy we finalyň ilkinji 20-ligine awtomatik goşuldy. Ol iňlis, ispan we fransuz dillerinde gürleýär.
Bäsleşikde birinji orny Wýetnamdan Fam Tuan Ngok, ikinji orny Ispaniýadan gatnaşyjy Antonio Kompani, üçünji orny bolsa Angolanyň wekili Felipe Salwador Mariýa eýeledi.
“Dünýä jenaby” bäsleşigi Miss World Organization-yň howandarlygynda 1996-njy ýyldan bäri her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Şu ýyl ol dört ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan başlady. 2019-njy ýylda titulyň eýesi angliýaly Jek Heslwud boldy.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....