Bentley Kaliforniýanyň peýzažlaryndan ylham alan kabrioletleri döretdi

  • 26.11.2024 14:19
  • 6.9k+

Bentley kompaniýasy Kaliforniýanyň Ranço-Miraž şäheriniň özboluşly tebigatyna bagyşlanan Continental GT Speed kabrioletleriniň tematik seriýasyny çykardy. Expressions of Texture kolleksiýasynyň bir bölegi bolan dört awtomobil ýerli dileriň sargydy esasynda Mulliner atelýesi tarapyndan işlenip taýýarlandy.

Awtomobilleriň her biri özboluşly dizaýn we bezeg elementleri bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, Havana reňkli model iki öwüşginli deri daşlygyna (öwüşginler “konýak reňki” we “ýanan dub”) we Ölüm jülgesini şekillendirýän relýeflere eýe boldy. Ghost White Pearl kabrioleti çöl alaňlaryny ýatladýan nagyşlar bilen bezeldi – bu nagyşlaryň döredilmegine 100 sagatdan gowrak wagt sarp edildi.

Peacock Blue awtomobili üç reňkli karbon bezeginiň netijesinde gijeki asmany alamatlandyrýar, British Racing Green modeli bolsa sebitiň ösümliklerini görkezýär.
Kabrioletleriň ählisi 659 at güýji we 900 Nm aýlanma pursaty bilen 6,0 litrlik W12 hereketlendirijisini aldy. Sagatda tizligi 100 km çenli artdyrmak 3,6 sekunt wagt alýar. Bentley modellerde Ultra Performance gibrid gurluşyny ulanmady.

düýn 17:02
2k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.1k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.1k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.8k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......