Billi Aýliş Apple Music tarapyndan ýylyň artisti diýlip saýlandy

  • 25.11.2024 12:06
  • 2.7k+

Apple Music aýdym-saz hyzmaty amerikaly aýdymçy Billi Aýlişi 2024-nji ýylyň artisti diýip atlandyrdy. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

2024-nji ýylda Aýliş Hit Me Hard and Soft ady bilen üçünji albomyny çykardy we ol relizinden soň 138 ýurtda Apple Music çartlarynda birinji orny eýledi. Şeýle-de, “Barbi” filmi üçin ýazylan What I Was Made For aýdymy ikinji “Oskar” we iki “Gremmi” baýragyny getirdi.
Ýylyň esasy wakalarynyň biri Aýlişiň 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda çykyş etmegi boldy. Ol Los-Anjelesde çykyş etdi. Bu çärede ýerine ýetirilen Birds of a Feather aýdymy Shazam-da rekord gözleg sanyny ýygnady.

“Apple Music meniň aýdym-sazymy we döredijiligimi ilkinji günden bäri goldaýar we meniň üçin ýylyň zenan artisti hökmünde ykrar edilmek uly hormat we buýsanç” – diýip, Aýliş hyzmatyň wekillerine beren interwýusynda belledi.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...