Kanadaly pensioner aýal bir sagatda 1575 otžimaniýe edip, rekord goýdy

  • 25.11.2024 12:13
  • 11k+

Kanadanyň 59 ýaşly ýaşaýjysy Donna Jin Uaýld bir sagatda 1575 otžimaniýe edip, dünýä rekordyny goýdy. Rekord Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda hasaba alyndy.

Uaýld otžimaniýeni düzgünleri berk berjaý etmek boýunça ýerine ýetirdi: aşaky nokatda tirsekler 90 gradus burç boýunça eplenmeli we ýokary galanyňda, eller doly gönelmeli. Pensioner aýal rekord goýmaga dogumly başlady we ilkinji 20 minutda 620 otžimaniýe etdi.
Mundan öň hem Uaýld plankada dört sagatdan gowrak wagt durup, Rekordlar kitabyna giripdi. Täze üstünlige taýýarlyk görmek üçin ol her gün türgenleşip, 500 otžimaniýe ýerine ýetirdi.
Rekord garrylar öýünde goýuldy. Uaýldy onuň 12 agtygy goldady, şolaryň 11-isi bu üstünligiň gözli şaýady boldy. Olar enesini ruhlandyryp, onuň otžimaniýesini sesli sanadylar.
Indi Donna Jin Uaýld dünýäniň iň çydamly aýallarynyň biri hökmünde iki gezek taryha ýazyldy.


15.06.2026 14:15
7.8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.8k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

01.06.2026 17:02
6.8k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......