Apple ultra-inçe we kuwwatly iPhone 17 Air smartfonyny taýýarlaýar

  • 25.11.2024 16:19
  • 9.2k+

Apple kompaniýasy öz taryhynda iň inçe smartfon boljak iPhone 17 Air-i çykarmaga taýýarlanýar. Täze önüm özboluşly dizaýny, ýokary tehnologiýany we şoňa görä-de ýokary bahany wada berýär.

Ultra-inçe korpusly model 2025-nji ýylda Apple-iň güýzki tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde hödürlener. Şeýle-de bolsa, YouTube kanaly Apple Track wideo synyny taýýarlap, onda iň köp garaşylýan smartfonlaryň biri barada häzirki bar bolan bolan maglumatlary bir ýere jemledi.
Bellenilişi ýaly, smartfon 17-nji seriýanyň beýleki gurluşlaryndan 40-50% inçe bolar. Korpusyň esasy bolup ýeňilligi we berkligi birleşdirýän alýuminiý we titan çykyş eder. Işläp düzüjileriň 2014-nji ýylda çykan iPhone 6-nyň dizaýnyny nusga hökmünde alan bolmagy ähtimal. Korpusynyň ýogynlygy 6,9 mm bolan bu gajet häzirem kupertinoly kompaniýanyň taryhynda iň inçe smartfon bolmagynda galýar.
iPhone 17 Air ProMotion tehnologiýasy bilen 6,6 dýuým diagonally displeýe (kadr ýygylygyny 1-den 120 Gs aralygynda üýtgedýär) we täze ýokary derejede berk gorag örtügine eýe bolar. Face ID skaneriniň ekranyň aşagynda oturdylmagyna garaşylýar.
Esasy kamerada 48 Mp durulyk we iki esse optiki ýakynlaşdyrma bilen giňburçly telefoto-datçik ulanylar.
Smartfon 8 GB operatiw ýat bilen täze nesil A19 Bionic prosessorynda işlär. Şeýle-de, täze 5G çibiniň we Apple-iň özi tarapyndan taýýarlanan Wi-Fi modulynyň goldawyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, başlanyç wersiýa iPhone 17 Slim (Air) 128 GB içerki ýada eýe bolup biler, ýöne 1 TB çenli sygymly wariantlar hem elýeterli bolar.
Insaýderleriň maglumatlaryna görä, gurluşyň bahasy 1299 dollardan başlaýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...