Huawei-iň ilkinji Harmony awtomobiliniň uzynlygy 5,5 metr bolar

  • 25.11.2024 00:27
  • 9.4k+

Huawei-iň dolandyryjy müdiri we akylly ulaglar bölümçesiniň başlygy Ýuý Çendun ilkinji Harmony Zhixing Zunjie-iň “ýoldaky ýeňil awtoulaglaryň 99,99 göteriminden uzyn boljakdygyny” mälim etdi. Modeliň uzynlygy takmynan 5,5 metr bolar diýip, ITHome ýazýar.

Çendun ulagy “içiniň diýseň giňişdigi” sebäpli "äpet we gabaraly" diýip atlandyrdy.
Harmony Zhixing Zunjie-niň tanyşdyrylyş dabarasy 26-njy noýabrda Huawei Mate 70 serialy smartfonlaryň satuwy goýberilmegine bagyşlanan konferensiýada bolar.
Zunjie S800 diýlip hem atlandyrylýan bu awtoulag Hytaýyň JAC awtoulag öndürijisi bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi. Awtoulag premium segmentine degişlidir.
Awtoulag öndürijisi we IT ägirdi 2017-nji ýylda hyzmatdaşlyk edip başladylar we 2020-nji ýylda bolsa sanly platforma döretmek barada şertnama baglaşdylar.


düýn 08:16
2.7k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....