“Geklberri Finniň başdangeçirmelerine” esaslanan roman ABŞ-da abraýly baýraga mynasyp boldy

  • 24.11.2024 16:50
  • 2.6k+

ABŞ-da abraýly Milli kitap baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. “Çeper edebiýat” nominasiýasynda baýrak Persiwal Ewerettiň “Jeýms” romanyna berildi. Bu kitap Mark Tweniň nusgawy eserine täzeçe garaýyşdyr diýip, Bi-bi-si habar berýär.

Romanda Tweniň “Geklberri Finniň başdangeçirmelerinden” (Приключения Гекльберри Финна) waka gaçgak gul Jimiň adyndan gürrüň berilýär. Ewerettiň eserinde gul diňe bir öz sesine eýe bolman, eýsem diri galmak üçin zerur bolan maskanyň aňyrsynda hakyky “meni” gizleýän çylşyrymly şahsyýet hökmünde çykyş edýär.
Tankytçylar bu romany amerikan edebiýatyna täzeçe düşünmekde möhüm goşant diýip atlandyrýarlar we hatda eser Mark Tweniň nusgawy eseri bilen deň derejede orun alar diýip çaklaýarlar. “Jeýms” eýýäm birnäçe baýraga eýe boldy we Buker baýragynyň gysga sanawyna goşuldy.
Romanyň sýužeti asyl nusganyň esasy wakalaryny saklaýar, ýöne Jimiň maşgalasy bilen birikmegine aýratyn üns berýär. Kitap gülkini sosial adalatsyzlygyň çuňňur seljermesi bilen utgaşdyrýar.
Mejbury gaçmazyndan öň, Jim çagalara okamagy (gullar üçin gadagan edilen), ýöne şol bir wagtyň özünde sözleri bilkastlaýyn ýoýup we grammatikada ýalňyşlyklara ýol berip, öz sowatlylygyňy gizlemegi, şeýle-de hojaýynlar bilen “dogry” gürleşmegi öwredýär.
Bölümleriň birinde jynsparazlygyň manysyzdygy nygtalýar: Jim gara adama öýkünýän ak adamyň keşbine girmeli bolýar.


şu gün 00:57
2.5k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......