Katar bilen Türkmenistan 28 ýyllyk hyzmatdaşlykda 36-dan gowrak şertnama baglaşdy

  • 23.11.2024 17:04
  • 6.1k+

1996-njy ýylyň 22-nji noýabrynda Katar bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şondan bäri ýurtlar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan 36-dan gowrak şertnama we Ähtnama gol çekdiler. Bu barada Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid AL-AZBA "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde çap edilen makalada aýtdy.

Diplomat soňky 28 ýylda ýurtlaryň resmi sapar alyşmak we ýokary derejeli çäreleri geçirmek arkaly özara gatnaşyklary ýokarlandyrandygyny aýtdy. Bu döwürde taraplar özara höweslendirmek we goramak, diplomatik hem-de hyzmat pasportlary bolanlar üçin wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek, ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky resminamalary öz içine alýan onlarça şertnama baglaşdy.
Ilçihanalaryň açylmagy bolsa bu ugurda möhüm ädim boldy: 2014-nji ýylda Aşgabatda Kataryň, 2023-nji ýylda bolsa Doha şäherinde Türkmenistanyň içlihanalary açyldy.
Söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösüşini utgaşdyrýan 2011-nji ýylda döredilen hökümetara Katar-Türkmen Komissiýasynyň işini hem aýratyn bellemek möhümdir. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeler geçirilýär, olaryň iň soňkusy 2024-nji ýylda Doha şäherinde geçirildi.
Iki ýurduň hyzmatdaşlygy halkara giňişliginde hem ösýär. Türkmenistan Kataryň 2025–2027-nji ýyllar üçin Ynsan Hukuklary Geňeşine agzalygyna dalaşgärligini goldady, Katar bolsa 2023–2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Hökümetara bedenterbiýe we sport komitetine (CIGEPS) agza bolmak üçin Türkmenistanyň dalaşgärligini goldady.

"Iki tarapyň hem ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek tagallalary netijesinde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň çalt giňeljekdigine we ýokarlanjakdygyna çuňňur ynanýarys" diýip, ilçi iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 28 ýyllygy bilen gutlady.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......