Shazam programmasy 100 milliardynjy gezek aýdym tanady

  • 23.11.2024 11:31
  • 3k+

Shazam programmasy taryhy görkezijä ýetdi, ol şu wagta çenli aýdymlary 100 mlrd gezek anyklady. Bu waka öz auditoriýasyny giňeltmegi dowam etdirýän hyzmat üçin möhüm pursat diýlip, Apple-iň habarynda aýdylýar.

“Bu möhüm pursat diňe bir adamlaryň Shazam-y ulanmagy näderejede gowy görýändigini däl, eýsem olaryň täze aýdym-saza bolan işdäsini görkezýär” – diýip, kompaniýanyň Apple Music we Beats boýunça prezidenti Oliwer Şusser belledi.

Shazam 2002-nji ýylyň 19-njy awgustynda Beýik Britaniýada işe girizildi. 2017-nji ýylda hyzmat 400 mln dollara Apple kompaniýasy tarapyndan satyn alyndy.
Ösüşiniň dürli tapgyrlarynda programma aýdym-sazy tanamagyň SMS-den başlap, iOS we Android üçin ykjam goşundylara çenli täze usullaryny hödürledi. 
Bellenilişi ýaly, ýetilen 100 mlrd görkeziji Ýer ýüzündäki her bir adam üçin 12 aýdym bilen deňdir. “Şeýle görkezijä ýetmek üçin bir adam programmany 3168 ýylyň dowamynda her sekunt ulanmaly” diýlip, habarda aýdylýar.
Bu waka mynasybetli Apple Shazam-da soralýan iň meşhur 100 aýdymdan ybarat pleýlisti döretdi. Sanawda birinji orny 45 mln ýatlama bilen awstraliýaly aýdymçy Tones and I-yň “Dance Monkey” aýdymy eýeledi. Onuň yzyndan Gotye-niň “Somebody That I Used to Know” we Passenger-iň “Let Her Go” aýdymlary, şeýle-de Ed Şiranyň we Maklemoryň meşhur kompozisiýalary gelýär.
Belläp geçsek, soňky döwürde Youtube Music we TikTok ýaly beýleki platformalarda meňzeş funksiýalaryň peýda bolmagy sebäpli aýdym-sazlary tanamak ugrundaky bäsdeşlik güýçlendi.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...