Rene Magrittanyň “Ýagtylyk imperiýasy” seriýasyndaky suraty rekord baha - 121,2 million dollara satyldy

  • 23.11.2024 00:50
  • 4.5k+

Nýu-Ýorkdaky "Christie’s" auksionynda Belgiýanyň sýurrealist suratkeşi Rene Magrittanyň “Ýagtylyk imperiýasy” seriýasyndaky suraty 121,2 million dollara satyldy. Bu nyrh suratkeşiň eserleri üçin rekord baha boldy diýip, auksion öýi öz web sahypasynda habar berdi.

1954-nji ýylda döredilen eserde şäher peýzažy şekillendirilýär we ol 27 eseri öz içine alýan aýlawyň iň gowy suratlarynyň biri hasaplanýar. Surat içerki dizaýner we haýyr-sahawatçy Mike Ertegýuna degişlidir. Ol 2023-nji ýylda aradan çykansoň, iş auksiona çykaryldy.
"Christie’s" surat satmakdan alnan girdejiniň “ep-esli böleginiň” haýyr-sahawata beriljekdigini aýtdy diýip, 
forbes.ru habar berýär.
Auksion 19-njy noýabrda geçirildi.  Magrittanyň bu çeken suraty onuň esasy eserine öwrüldi. Bu gezek auksionda Roý Linhenşteýniň, Ed Ruşaýyň we Dewid Hokniniň eserleri ýaly jemi 83 iş satyldy. Olardan jemi girdeji 485 million dollardan gowrak boldy.
Auksiona göni ýaýlymda 1,25 milliondan gowrak adam tomaşa etdi we satylan zatlar tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Satylan lotlaryň arasynda Magrittanyň ýene iki suraty bolup, olar öň Ertegýun kolleksiýasynda-da bardy diýip, daily.afisha.ru ýazýar.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....