Kembrij sözlügi 2024-nji ýylyň sözi hökmünde “manifest” işligini atlandyrdy

  • 23.11.2024 00:45
  • 1.8k+

“Manifest” işligi Kembrij sözlügi tarapyndan 2024-nji ýylyň sözi diýlip atlandyryldy. Gurama muny web sahypasynda mälim etdi diýip, liferbc.ru ýazýar.

Bu ýylda şu söz sözlügiň iň ýokarky gözleg talaplaryna girdi, ulanyjylar bu sözi 130 müň gezek gözlediler. 2023-nji ýylyň maý aýynda bu düşünje sözlüge täze goşulandan soň, oňa bolan gyzyklanma artdy.
Sözlük kesgitlemesine görä, “manifest” "wizuallaşdyrmak (aňyňyzdaky bir zady suratlandyrmak) we tassyklamak (oňyn sözleri gaýtalamak) ýaly usullary ulanmak, munuň ýüze çykma ähtimallygyny ýokarlandyrjakdygyna ynanmak bilen isleýän zadyňyza ýetmegiňizi göz öňüne getirmek" diýen many aňladýar.
Neşir işi boýunça menejer Wendalin Nikols: "Kembrij sözlüginden ýylyň sözüni saýlanymyzda, üç pikirden ugur alýarys: ulanyjy maglumatlary, döwrüň ruhy we dil" diýip düşündirdi.
“Manifest” sosial ulgamlaryň kömegi bilen pandemiýa döwründe meşhurlyk gazandy we 2024-nji ýylda meşhur medeniýete ornaşdy. Mysal üçin, bu sözi aýdymçy Dua Lipa üstünligiň bir bölegi hökmünde ýüze çykmasyny görkezdi we ony şu görnüşde ulandy: “Manifestasiýa - bu meniň üçin uly zat. Men durmuşda zatlary amala aşyrmaga berk ynanýaryn. Siz diňe bilgeşleýin işleýärsiňiz". 
Şeýle-de bu söz gimnastikaçy Simona Baýlz, ýeňil atletikaçy Ezra Freh we aýdymçy Sabrina Karpenter ýaly meşhur suratkeşler, türgenler we täsirli telekeçiler, tarapyndan ulanylýar.
2023-nji ýylda Kembrijiň sözlügi ýylyň emeli aň bilen baglanyşykly täze manysyndaky «hallucinate» işligini saýlady.
Maglumat hökmünde ýatlasak, noýabr aýynyň başynda Collins sözlügi ýylyň sözi diýip brat sözüni saýlady. Ol garaşsyz we bagtly durmuş ýörelgesini alyp barýan nurana we ynamly adamy aňladýar.

şu gün 00:00
402

Psihologlar şübhelenmegi paýhasyň alamaty saýýarlar

Şübhe — bu diňe bir özüne ynanmazlyk däl, eýsem, pikirlenmäge we dogry karara gelmäge täsir edýän möhüm hadysadyr. Şeýle netijä gelmäge Thinking & Reasoning žurnalynda çap edilen barlag işiniň beýany doly esas......

düýn 22:20
1.4k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...

düýn 11:37
1.6k+

"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar....

düýn 11:21
4.9k+

Hytaýly bedenterbiýe mugallymy 30 ýylyň dowamynda 300-e golaý hossarsyz çagany terbiýeledi

Hytaýyň Anşan şäherinden 52 ýaşly bedenterbiýe mugallymy Baý Szýan soňky 30 ýylyň içinde ene-atasynyň gözegçiliginden mahrum bolan 276 çagany öz hossarlygyna aldy....