Aýdymçy Charli XCX-iň “Brat” albomynyň ady Collins sözlügi tarapyndan ýylyň sözi saýlandy

  • 03.11.2024 07:55
  • 2.3k+

Britaniýanyň Collins sözlüginiň düzüjileri we leksikograflary aýdymçy Charli XCX-iň “Brat” albomynyň adyny 2024-nji ýylyň esasy sözi hökmünde saýladylar. Bu barada “The Guardian” neşiri habar berýär.

Aýdymçynyň “Brat” albomy iýun aýynda çykdy we tomsuň iň esasy relizleriniň biri boldy. Ol Charli XCX-iň altynjy studiýa albomydyr. Sinti-pop albomynyň prodýuserleri hökmünde Jorj Deniel, A.G.Cook we Gesaffelstein çykyş etdi.
Neşiriň ýazmagyna görä, sözlükde “brat” sözi eýýäm “özüni ýaramaz alyp barýan ýa-da siziň gaharyňyzy getirýän kimdir biri, aýratynam çaga” hökmünde kesgitlenen bolsa-da, ol täze “ynamly, garaşsyz we gedonistik özüni alyp barşy bilen häsiýetlendirilýän adam” manysyna eýe bolmak bilen, ýylyň sözi boldy. Sözlügiň wekilleriniň aýtmagyna görä, adalga “dünýädäki adamlaryň arasynda seslenme aldy”.
“Brat” sözlügiň neşirýatlary tarapyndan saýlanan 2024-nji ýyly beýan edýän 10 sözden ybarat sanawda öňdebaryjy boldy. Şeýle-de, sanawa Teýlor Swiftiň “The Eras Tour” konsert syýahatyndan ruhlanan “era” we sosial ulgamlarda hem KHBS-de şu ýyl tutuş dünýä boýunça saýlawlaryň örän köpdügini görkezmek üçin ulanylan “supermajority” (super-köplük), “yapping” (aşa köp ýaňramak) we “looksmaxxing” (daşky keşbiň özüne çekijiligini mümkin boldugyndan artdyrmak synanyşygy) sözleri girdi.
Mundan başga-da, Collins sözlüginiň ilkinji onlugynda hyýal bilen ýaşaýan ýa-da hemişe öz ideal arzuwlarynda gezýän adamy suratlandyrýan “delulu” sözi we “pes hilli onlaýn mazmunlaryň başynda aşa köp wagt sarp etmegiň netijesinde dury pikirlenip bilmezlik” manysyny aňladýan “brainrot” adalgasy bar.
Collins 2024-nji ýylyň sanawyna giren köp sözleriň düýbünden täze däldigini, mysal üçin, “brat” sözüniň ilkinji gezek 1500-nji ýyldaky sözlüklerde peýda bolandygyny, ýöne sözleriň “käwagt düşünmesi kyn bolan sebäplere görä, moda gaýdyp gelip, täzeden janlanandygyny” belleýär.
2023-nji ýylyň sözi artificial intelligence (emeli aň, EA) diýmegi aňladýan AI abbrewiaturasy boldy.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......