REDMI logotipini üýtgetdi we K80 seriýaly smartfonlarynyň dizaýnyny aýan etdi

  • 22.11.2024 16:25
  • 8.7k+

ITHome neşiriniň habar bermegine görä, 21-nji noýabrda Xiaomi-niň kiçi brendi bolan REDMI logotipini çalşandygyny yglan etdi hem-de täze K80 we K80 Pro smartfonlarynyň suratlaryny çap etdi.

Logotip indi gyzyl kwadratyň fonunda REDMI diýen gyzyl ýazgyly ýa-da ak harply görnüşde görkezilýär. Ondan öň benewşe tegelekdäki Redmi ýazgysyndan ybaratdy.
REDMI-niň baş menejeri rebrending zerurdygyny düşündirdi. Onuň sözlerine görä, göze ilginç gyzyl reňk meşhur bolmak ugrundaky dogumlylygy, baş harplar bolsa ynamy alamatlandyrýar.


Hödürlenen renderlere görä, K80 we K80 Pro smartfonlary birnäçe reňkde çykar. K80 ak, gök, ýaşyl we gara reňklerde bolar, Pro wersiýasynda gök reňk ýok.
REDMI K80 120 Hz ýygylykly 2 Hz ekran, Dimensity 9400 çipi we 90 W-lyk zarýad beriji, IP68 standartyna laýyklykda tozandan we çygdan goraýjy bilen üpjün ediler diýlip garaşylýar.
K80 Pro wersiýasy Snapdragon 8 Elite prosessoryny, 120 Wt zarýad berijini we Lamborghini Edition-iň çäkli wersiýadaky modeli alar.
Smartfonlaryň resmi yglan edilişi 27-nji noýabrda bolar. Bahalar entek aýan edilmedi.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...