Ford konserni Ýewropada 4000 töweregi iş ornuny azaldar

  • 22.11.2024 16:10
  • 3.3k+

Ford awtokonserni elektromobillere bolan islegiň gowşamagy we hytaý öndürijileri bilen berk bäsdeşlik sebäpli, Ýewropada 4000 töweregi iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada beýana salgylanyp, Financial Times habar berýär.

Bu meýilnama 2027-nji ýylyň ahyryna çenli durmuşa geçiriler we Germaniýada 3000, Beýik Britaniýada 800 töweregi iş ornuna täsir eder. Azaldyljak iş orunlarynyň umumy sany awtokonserniň Ýewropadaky ähli işçi güýjüniň (28 000 orun), takmynan, 14%-ine deň bolar. Häzirki wagtda meýilnamalar kärdeşler arkalaşyklary bilen maslahatlaşylýar.

“Ford-yň geljekde Ýewropada bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek üçin kyn, ýöne aýgytly çäreleri görmek örän möhüm” – diýip, Ford-yň sebitdäki wise-prezidenti Deýw Jonston belledi.

Islegiň gowşamagyndan baş çykarmak üçin, Ford kompaniýasy öz hatarynda awtomobilleriň sanyny azaltdy. Konsern “has girdejili ugurlara” üns bermekçi diýlip, beýanda aýdylýar.
Öň, Ford-yň baş ýerine ýetiriji müdiri Jim Farli kompaniýanyň elektromobil önümçiligi üçin 40% az işçiniň gerekdigini aýdypdy. Awtokonserniň baş maliýe müdiri Jon Louler Germaniýanyň hökümetine ýüz tutup, häkimiýeti “bazar şertlerini gowulaşdyrmak üçin has köp çäre görmäge” çagyrdy.
Ýatlap geçsek, ozal Ýewropada iň uly awtoöndürijileriň biri bolan Volkswagen hem islegiň azalmagy we Hytaýda bazar paýynyň ýitmegi sebäpli, Germaniýada üç zawodyny ýapmagy we on müňlerçe iş ornuny azaltmagy meýilleşdirdi.


düýn 17:04
2.7k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....