Xiaomi kompaniýasy 100 dollara Snapdragon 4s Gen 2 bilen üpjün edilen dünýäde ilkinji smartfony hödürledi

  • 22.11.2024 08:19
  • 6.4k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy Redmi brendi bilen Redmi A4 5G atly bäşinji nesil aragatnaşyk ulgamlaryny goldaýan täze smartfonyny resmi taýdan hödürledi.

Täze smartfon 1600 x 720 piksel durulykda (HD+), ýygylygy 120 Gs we iň ýokary ýagtylygy 600 nit bolan 6,88 dýuýmlyk displeý bilen üpjün edildi. Displeýiň ýokarky böleginde damja şekilli 5 Mp frontal kamera ýerleşdirildi. Esasy kamera 50 Mp.
Redmi A4 5G smartfony 4 nm tehprosesi boýunça taýýarlanýan sekiz ýadroly Qualcomm Snapdragon 4s Gen 2 mikroprosessoryna esaslanýar. Grafikanyň işlenmegine Adreno 611 tizleşdirijisi jogap berýär. Gurluş microSD arkaly 1 TB çenli giňeltmek mümkinçiligi bilen 4 GB operatiw ýat we 64 ýa-da 128 GB içerki ýat bilen üpjün edildi. 5160 mA/sag sygymly akkumulýator 18 Wt çenli çalt zarýad berşi goldaýar. Zarýad beriji gurluşy birikdirmek üçin USB Type-C interfeýsi göz öňünde tutuldy.
Şeýle-de, Wi-Fi 802.11 ac we Bluetooth 5.3 bar. Smartfon HyperOS interfeýsi bilen Android 14 programma platformasynyň dolandyrmagynda işleýär. Onuň ölçegi 171,88 x 77,80 x 8,22 mm bolup, agramy 212 g barabar. Müşderiler üçin gara we ýiti benewşe reňkler hödürlenýär. Smartfonyň bahasy 64 Gb üçin, takmynan, 100 dollar we 128 Gb üçin 112 dollardyr.  


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...