Nadal L’Équipe gazetiniň baş sahypasynda peýda boldy, Nike Eýfel diňiniň ýanynda tennisçä bagyşlanan gologrammany görkezdi

  • 22.11.2024 08:12
  • 3.2k+

Malagada geçirilýän “Dewisiň Kubogy” dünýäniň öňki birinji raketkasy, “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek çempiony ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal üçin karýerasynda iň soňky ýaryş boldy. Ol ýaryşyň çäklerinde geçen soňky oýnunda niderlandly Botik wan de Zandshýulpdan utuldy. Bu oýundan öň tennisçi karýerasynyň tamamlanmagy mynasybetli Fransiýanyň meşhur L’Équipe gazetiniň baş sahypasynda peýda boldy. 

“Iň soňky oýun. Sport karýerasyny tamamlajakdygyny mälim edenden bir aý soň 38 ýaşly Rafael Nadal Malagada soňky ýaryşynda çykyş edýär. Ýekşenbe gününe, final gününe çenli dowam etjek uly tolgunma” – diýlip, gazet sanynda Nadal barada aýdylýar.

Şeýle-de, sport eşiklerini öndüriji kompaniýa Nike Rafael Nadalyň karýerasyna bagyşlanan gologrammany görkezdi. Ol Parižde Eýfel diňiniň ýanynda ýerleşdirildi.

“Üç onýyllykda 1-nji belgili. 4 327 halas edilen breýk-poýnt. Yzygider 912 hepde top-10-da. Toprak kortunda geçirilen oýunlarda yzygiderli 91 ýeňiş. Beýiklik” – diýlip, gologrammanyň kömegi bilen görkezildi.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......