ABŞ-da we Beýik Britaniýada Minecraft-yň belli bir tema bagyşlanan seýilgähleri gurlar

  • 22.11.2024 00:45
  • 5.2k+

Minecraft Ýewropanyň iň uly tematiki seýilgähleriniň operatory Merlin Entertainments bilen şertnama baglaşdy. Şertnamanyň çäklerinde kompaniýa Beýik Britaniýada we ABŞ-da bar bolan attraksionlaryň ornuny tutjak iki sany täze tematiki  seýilgähe 110 million dollardan gowrak maýa goýar diýip, The Guardian ýazýar.

Taraplar bilelikdäki taslama “Adventures Made Real” (“Başdangeçirmeler hakykata öwrüldi”) diýip at berdiler. Geljekde beýleki ýurtlara-da ýaýratmak meýilnamalary bar.
Microsoft-yň Game Franchising -niň wise-prezidenti Keýlin Waltersiň belleýşi ýaly, taslama Minecraft brendini oýundan çykaryp, giňeltmäge gönükdirilendir. Kompaniýa Merliniň beden taýdan dynç alşy guramak ugrundaky tejribesinden peýdalanmak isleýär.
Merlin üçin bu şertnama 2005-nji ýylda LEGO bilen baglaşylan şertnamadan bäri iň möhüm şertnamalaryň biri bolup biler. Bu kompaniýa Legoland, Alton Towers, World Peppa Pig World, Sea Life, Madam Týussonyň muzeýi we “Londonyň gözi” ýaly, 23 ýurtda 135-den gowrak attraksion merkezini işledýär.
Minecraft-yň mowzuk seýilgähleriniň 2026-njy we 2027-nji ýyllarda açylmagyna garaşylýar.
Minecraft-yň dünýäde iň geçginli wideo oýundygyny belläliň. Her aý ony 140 million ulanyjy oýnaýar.
Jeýson Momoanyň we Jek Blekiň baş keşbi janlandyrmagynda oýnuň film uýgunlaşmasy 2025-nji ýylyň aprelinde görkeziler. Mundan başga-da, Netflix oýun älemine esaslanýan animasiýa multserialyny yglan etdi.


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

düýn 19:18
1.8k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....