Kantar statistikasy: iPhone SE Ýaponiýada öz ornuny saklaýar, ABŞ täze modelleri saýlaýar

  • 21.11.2024 11:23
  • 3.7k+

Kantar kompaniýasynyň analitikleriniň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde smartfon satuwy sebit tapawutlaryny görkezýär. ABŞ we Ýewropa ösüşi başdan geçirýär, Hytaýda we Ýaponiýada bolsa pese gaçyş hasaba alynýar.

Seljeriş kompaniýasynyň hasabatynda bellenilen döwürde global smartfon satuwynyň 2% azalandygy, ýöne käbir sebitlerde ters tendensiýalaryň hasaba alnandygy aýdylýar - ABŞ-da satuw 21%, Ýewropada 13 % ýokarlandy.
Bazarlaryň köpüsinde iPhone 15 hatarynyň smartfonlary öndebaryjy bolup galýar. ABŞ-da iň köp satylýan bäş modeliň bäşisi-de Apple-iň önümidir. Ýewropada hem iPhone agdyklyk edýär, ýöne ilkinji bäşlige Samsung-yň hem iki modeli girýär. Hytaýda liderleriň arasynda Huawei we Xiaomi smartfonlary-da bar.
Ýapon bazarynyň aýratynlygy iň köp satylýan modelleriň bäşliginde iPhone SE-niň bolmagydyr. Mundan başga-da, dördünji orny Sharp Aquos Wish3 smartfony eýeleýär, bu hem Ýaponiýany beýleki bazarlardan tapawutlandyrýar.

Bazar boýunça satuw lideri:
Ýewropanyn iň uly 5 ýurdy:

  • iPhone 15
  • Samsung Galaxy A55
  • Galaxy A15
  • iPhone 13
  • iPhone 15 Pro

ABŞ:

  • iPhone 15
  • iPhone 15 Pro Max
  • iPhone 15 Pro
  • iPhone 14
  • iPhone 13

Awstraliýa:

  • iPhone 15
  • iPhone 15 Pro Max
  • iPhone 13
  • iPhone 12
  • Samsung Galaxy A55

Hytaý:

  • iPhone 15 Pro Max
  • iPhone 15
  • Huawei Pura 70
  • iPhone 15 Pro
  • Xiaomi 14

Ýaponiýa:

  • iPhone 15
  • Pixel 8a
  • iPhone 14
  • Sharp Aquos Wish3
  • iPhone SE

Kantar kompaniýasynyň hasabatyndaky 25 ornuň 18-isi Apple önümlerine degişlidir. Bu statistika kompaniýanyň önümlerine bolan durnukly gyzyklanmany görkezýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...