Apple iOS 8 we ondan öňki wersiýalaryň ulanyjylarynyň ätiýaçlyk maglumatlaryny iCloud-dan pozar

  • 20.11.2024 13:34
  • 3.4k+

Apple ulanyjylara iOS 9-a çenli enjamlaryny täzelemegiň ýa-da ätiýaçlyk üçin nusgalamagyň (rezerw kopýalamagyň) alternatiw usullaryny tapmagyň zerurdygy barada habardar edýär diýip, 9to5mac habar berýär.

Kompaniýa 2024-nji ýylyň 18-nji dekabryndan başlap, iOS 8-den we has irki wersiýalarda işleýän enjamlardan iCloud ätiýaçlyk kopýalaryň aýryljakdygyny habar berdi. Ulanyjylar programma üpjünçiligini täzelemegi ýa-da maglumatlary göçürmek üçin başga usullary ulanmagy maslahat berýän habarnamalary alýarlar.

“2024-nji ýylyň 18-nji dekabryndan başlap enjamlaryň ätiýaçlyk nusga almagy üçin iOS 9 ýa-da ondan soňraky wersiýalar gerek bolar. Bu programma üpjünçiliginiň minimal talaplaryny has gowy kanagatlandyrmak üçin edilýär. Bu senä çenli hyzmaty hemişekiňiz ýaly ulanyp bilersiňiz. Şondan soň, eger IOS 9-a ýa-da has soňraky wersiýalara çenli täzelenmeseňiz, ätiýaçlyk maglumatlaryňyz pozular"-diýip, Apple habar berýär.

Kompaniýa MacOS Catalina ýa-da has soňraky Mac-da ätiýaçlyk nusgalaryny döretmek üçin Finder-den peýdalanmagy teklip edýär. Kompýuterleriň ýa-da macOS-yň köne wersiýalarynyň eýelerine maglumatlary göçürmek üçin Apple Devices ýa-da iTunes-dan peýdalanmak maslahat berilýär.


düýn 16:33
1.9k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...